Place of railroad station

Place of railroad station

 This information written in turkmens language of latino alphabet from doctorate material of dissertation by Dr. Hangeldi Ownuk.

BENDERTÜRKMEN ŞÄHERI 60 ÝYLDAN SOŇ JANLANÝAR: Bendertürkmen şäherini häzirki zaman, umumy maglumatlarda şeỳle görkezilỳär: “ Gülistan welaỳatyna tabynlykda duran Bendertürkmen şäheri, Türkmensähra ülkesiniň has Günbatar çünkinde ỳerleşen türkmen şäherleriniň biri dir. Bendertürkmen şäheri, ỳurt tabynlygynda “şäheristan” ölçeginde “Türkmen şäheristany” ady bilen şäheristan merkezliginde durỳar. Bu merkezlige Kümişdepe ş., Siminşäher(öňki “Gargy” we “ Omçaly şş.)” we Bendertürkmen ỳaly şäherler onuň tabynlygynda durỳar. Onuň şäheristan derejesinde umumy sany 200 nüň adam bolsa, 90% göterimi Eỳranli türkmenlerden ybarat bolỳar. Bendertürkmen şäheri 1306 h.ş. ỳylynda Reza şanyň tarapyndan düỳbi tutulyp, “ Benderşa” ady bilen tanalỳardy. Bu şäheriň ady 1979-njy ỳỳl Eỳran ynkylabyndan soň türkmenleriň talabyna görä “ Bendertürkmen şäheri” diỳilip atlandyryldy. Bendertürkmen port şäheri Hazar deñziniñ günorta-gündogar çüñkünde strategik häsiỳetli mekanda ỳerleşỳär. Bu şäher 2-nji jahan urşuna çenli “port” görnüşini saklap onda dünỳäniñ dürli ỳerlerinde gelgitli syỳasy, medeni, ykdysady we söwda deñiz gatnaşyklary bolup durupdyr. Iñ soñky sapar ikinji jahan urşunda öñki SSR-iñ faşistik Germaniỳa üstün çykmagynda-da bu port şäheriñ üsti bilen SSR-iñ goşunlaryna Amerikanyñ ỳaraglaryny ỳetirilip durulmagy sebäp bolupdyr. Şonuñ üçin dünỳä boỳunça bu şähere hem-de Güdürolum geçelgesine-de “Pole piruze” ỳagny “Üstünlik köprüsi” diỳlen ady berlipdir. 2-nji jahan urşundan soñ dünỳä syỳasatlarynyñ üỳtgemegi bilen bu şäheriñ deñiz port häsiỳetinden pese düşürildi. Ýöne häzirki zaman onda dürli port enjamlary täzeden dikeldilip başlany bäri şäher öz hakyky adyna eỳe bolỳar. 60 ỳyldan soñ täzeden janlanỳar. *

* Bendertürkmen şäheriniň otly duralgasy....

* Bendertürkmen şäheriniň otly duralgasy….

Bu şäheriñ deñiz gyrasynda “Iskele” diỳlen port enjamlary gurulypdyr. Häzirki zaman bu enjamlary has giñişleỳin alynyp barylỳar. Eỳran Yslam Respublikasy bilen Garaşsyz Türkmenistanyñ hem Garaşsyz ỳurtlaryñ

* Ikinji Jahan urşy ýyllaryndan galan otlular

* Ikinji Jahan urşy ýyllaryndan galan otlular

* Bendertürkmen şäheriniň otly (gatar) duralgasynyň platformy aragatnaşyklary açylandan beỳläk günsaỳyn diỳen ỳaly bu şäheriñ hem ähmiỳeti has ỳokarlanỳar. Bu port şäherinden Gülistan welaỳatynyñ deñiz söwda eksportlarynyñ köpüsini Türkmenistan bilen Gazagystana ỳollaỳar. Şeỳle hem bu şäher balykçylyk Şilat edarasynyñ tarapyndan gyzyl balyk işbil önümleriñ iñ köpüsi öndürilỳär. Bendertürkmen şäheri Orta Aziỳa ỳürtlaryna iñ ỳakyn port şäherleriniñ biri hökmünde onda demirỳol enjamlary hem regiỳon boỳunça eksport göỳberiji gurby, nebit we oña degişli materiỳallary tranzit etmäge ähmiỳeti has ỳokarlanỳar. . Bendertürkmen şäheristanynyñ welaỳat häkimi Agaỳe Akberi şeỳle diỳỳär: “Deñziñ özegini (Deñziñ ỳörite çuñlaşdyrylan uly gämileriñ ỳöreỳän, bellik edilen marşrudy) çuñlaşdyrma çäreleri ỳerine ỳetirilenden soñ 500 tonna agramly gämileriñ gel-gidi başlanar”.[ ] 115

* Bendertürkmen şäheriniň port edarasynyň häzirki görnüşi

* Bendertürkmen şäheriniň port edarasynyň häzirki görnüşi

1998-nji ỳylyñ dowamynda (bir ỳyl) 9483 daşary ỳürtly uly konteỳner maşynlar 190 müñ tonna harytlar bilen Inçeburun gümrükhanasyndan tranzit edilip ỳollanylypdyr. Şeỳle hem 130 müñ tonna haryt 8225 sany Eỳranyñ öz içeri uly konteỳner maşynlarynyñ üsti bilen Inçeburun serhedinden Orta Aziỳa hem Orsỳed ỳurtlaryna göỳberilipdir.

Bendertürkmen şäheriniň has golaýdan düşürilen kosmosuraty

Bendertürkmen şäheriniň has golaýdan düşürilen kosmosuraty

Türkmensähranyñ Horasan welaỳatynyñ Howdan-Bajgiran serhed geçelgesinden üstümizdäki (1998-1999) 8 aỳyñ dowamynda 89 göterimi Eỳranly 10988 sany maşyn ỳük haryt geçirilipdir. Şolardan 6568 sany maşyn turist görnüşde, 3693 sanyh maşyn daşary ỳurtlardan we 727 sany maşyn ỳönekeỳ gatnaşyklar boỳunça geçirilipdir. Şeỳle hem şol bir wagtyñ özünde 1269 sany ỳolagçy awtobus maşynlar, ỳolagçy gatnadypdyrlar. Bütin Eỳran boỳunça Bajgiran geçelgesi, Bezergen, Astara hem Hosrawy serhet geçelgelerinden soñ dördünji orna eỳe bolỳar.”[ ] 116 Ýañy ỳakynda Gürgen şäheriniň merkezliginde açylan täze Gülistan welaỳatynyñ 1376-nji h.ş ỳylyñ azar aỳynyñ 16-synda (1997) göỳberilen 1 maddaly kanunyñ 2-nji goşmaçasyna laỳyklykda çykaran karary boỳunça, Akgala hem Marawdepe şäherleri 1377-nji ỳylda ỳurduñ bölünşik kanuny esasynda uly möçberdäki “şäheristan” hatarynda yglan edilmeli diỳlen goşmaça kanun hem geçirildi. Akgala şäheri öñki wagtlarda “Mübärekabat” we Pählewiler döwründe “Pählewidež” hem-de 1000 ỳyl töweregi mundan öñ “Espi dež” diỳlip atlandyrylypdyr. Akgala bir şäher hökmünde 4 dehistan, 96 oba bilen 90 müñ sany jemgyỳeti bar. ……

Benderturkmen on the earth